Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiliginiň jemi jemlendi

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde birnäçe günläp dowam eden bu ýaryşa 2005-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň 73-si we gyzlaryň 58-si gatnaşdy. Aşgabat, Türkmenabat şäherleriniň we Dänew, Saýat, Çärjew, Köýtendag we Hojambaz etraplarynyň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda türgenler şahsy görnüşde we jübütleýin görnüşde güýç synanyşdylar. Şahsy görnüşde 2005 ― 2007-nji ýylda doglanlaryň arasynda oglanlardan türkmenabatly Alibek Jumanow we gyzlardan Aýşat Atajanowa birinjiligi gazandylar. 2008 ― 2010-njy ýylda doglanlaryň arasynda guralan duşuşyklarda bolsa türkmenabatly Guwanç Jumanow we dänewli Gözel Gylyjowa öňdelige eýe boldular. 2011-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň ýaryşlarynda aşgabatly myhmanlar Nazim Durdyýew we Elina Ahmedowa ýeňijiler diýlip yglan edildiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlarda Aşgabadyň oglanlary, Türkmenabat şäherleriniň we Dänew etrabynyň gyzlary üstünlikli çykyş etdiler. Toparlar boýunça ýaryşyň umumy netijelerine görä Türkmenabadyň oglanlar topary we Aşgabadyň gyzlar topary birinji orny eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector