JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy

Türkmenabat şäherinde Lebap welaýatynyň baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy. Bu gezek ol şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda ulanylmaga tabşyrylan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda oturdyldy. Şu mynasybetli bu ýerde Aýazbaba, Garpamyk we çagalar ýygnandylar.

Bu ýere gelmezden ozal.olar uzak ýol aşdylar. Köýtendagyň iň beýik belentliginden gaýdan Aýazbaba bilen Garpamyk ýol ugruna Kerkiniň Halkara howa menzilinde, Farap etrabynda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezinde, Türkmenabat şäherinde urlan ýaşaýyş jaýlaryň toplumynda we beýleki ýerlerede boldular. 

Soňra olar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan Täze ýyl arçasynyň öňüne geldiler. Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen onuň yşyklary ýakyldy. Bu waka mynasybetli Aýazbaba, Garpamyk we çagalar Täze ýyl aýdymlaryny ýerine ýetirdiler, tans etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: