JEMGYÝET

«Daýahatyn» kerwensaraýy dikeldilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlatynyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasy esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardamy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazykda ýerleşýän «Daýahatyn» kerwensaraýynda rejeleýiş, abatlaýyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Kerki şäherindäki «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghananyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýadygärlikde möwsümleýin rejeleýiş, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň birinji tapgyry 2015-2016-njy ýyllarda, ikinji tapgyry 2018-2019-njy ýyllarda geçirildi. Bu işleriň 3-nji tapgyrynyň güýzki möwsümi bolsa, şu ýylyň oktýabr aýynyň aýaklaryna tamamlandy we ol 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dowam etdiriler.

Häzirki döwürde ýadygärligiň içki howlusynyň gündogar we günbatar däliziniň diwarlarynyň ýüzleri, oňa ýanaşyk gurlan otaglary, girelgesiniň daşky diwary öňki keşbinde dikeldildi. Bu tapgyryň çäginde kerwensaraýyň girelge tarapynyň ýüzündäki epigrafik ýazgylaryň ylmy esasda dikeldilip bolaýjak böleklerini rejelemek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: