Amerikan Merriam-Webster düşündirişli sözlüginiň (Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary) wersiýasy boýunça «waksina» sözi iňlis dilinde ulanylýan ýylyň sözi diýen ada eýe boldy, bu barada sorag-jogap neşiniň saýtynda habar berilýär, diýip «ТАСС» ýazýar.
Sorag-jogap neşiriniň awtorlary bu sözüň saýlanylyp alynmagyny gözlege ýüz tutmalar bilen girýänleriň sanynyň artandygy bilen düşündirýärler. 2020-nji ýyl deňeşdirilende, 2021-nji ýylda «waksina» sözüniň manysyny düşündirmegi haýyş edip ýüz tutanlaryň sany 601% (ýedi esse) artypdyr. Entek pandemiýa başlanmanka, ýagny, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende bolsa ýüz tutýanlaryň sany 1048% (11,4 esse) köpelipdir.