YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň himiýa zawodynda kombinirlenen dökün öndürýän önümhanany gurmak üçin tender yglan edildi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni kombinirlenen dökün öndürýän önümhananyň taslamasyny işläp taýýarlamak we ony gurmak boýunça halkara tenderini yglan etdi. Bu baradaky bildiriş geçen sişenbe güni resmi metbugatda çap edildi, diýip «orient.tm» ýazýar.

Täze bina Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda gurlar. Bu ýerde ýerli fermerleri üpjün etmek we eksporta ibermek üçin her ýylda 170 müň tonna kombinirlenen mineral dökün öndürmek göz öňünde tutulýar.

Taslama Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň üsti bilen Abu-Dabiniň ösüş Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: