YKDYSADYÝET

Daşoguzyň öri meýdanlarynda ýene-de üç guýy peýda boldy

 «Daşoguzörisuw» bejeriş-gurluşyk kärhanasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri täze guýularyň 3-si gazylyp, maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlaryna ulanmak üçin tabşyryldy.

Garagum çölündäki öri meýdanlaryny suwlulandyrmak gaýratyny gaýgyrmaýan guýy ussalary täze guýulary gazmak bilen birlikde öňki bar bolan guýulary düýpli abatlamak işlerini hem yzygiderli alyp barýarlar. Olar özleriniň alyp barýan işiniň hiline aýratyn üns bermek bilen, guýularyň bol suwly bolmagyny, mallaryň ýylyň islendik paslynda suw bilen ýeterlik üpjün edilmegini gazanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: