YKDYSADYÝET

Daşary ýurt işewürleri Türkmenistanda öndürilen nebit önümlerini satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Şweýsariýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzinini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 52 million 60 müň dollaryna deň boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: