Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek matalaryň 182 müň inedördül metri dokaldy

Aug 9, 2020

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde geçen döwürde nah matalaryň 5 million 353 müň inedördül metri, ýüpek matalaryň bolsa 182 müň inedördül metri dokaldy.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde ýüpek halylary dokalýar. Ýylyň geçen aýlarynda elleri çeper halyçylar hemmeler tarapyndan arzylanýan önümleriň 116 inedördül metrini dokadylar. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 136,5 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendiginden habar berýär.
Kärhana üçin gerekli çig mal Lebap welaýatynyň özünde öndürilýär. Sebit ýüpekçiligiň gadymy mekanlarynyň birididir. Geçen döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, dokma senagatynda giňden ulanylýan çig ýüpegiň 40,6 tonnasy öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 128,2 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: