MEDENIÝET

Lebaply nakgaş türkmen bedewi hakynda nobatdaky suratynyň üstünde işlemegi tamamlady

Türkmenabat şäherindäki 2-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Şemşat Saparowa Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda asman atlaryna bagyşlap ýazan nobatdaky suratynyň üstünde işlemegi tamamlady.

Ol «Meleguş» diýip atlandyran bu suratyny Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap guran bäsleşigine hödürledi we professional nakgaşlaryň arasynda «Nakgaşçylyk» ugry boýunça birinji orna mynasyp boldy. Eser çeper döredijilik bilen gyzyklanýanlary häzirki zamanyň we geçmişiň arasynda arabaglanyşygy anyk açyp görkezilýändigi bilen çekýär.

Bu onuň türkmen bedewine bagyşlan birinji eseri däldir. Entek Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyby wagty Şemşat özüniň «Bagtyýar» atly işi bilen türkmen bedewine bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde birini orny eýeledi. Geçen ýyl bolsa şeýle bäsleşikde oňa «Türkmen bedewi» diýen işi üçin üçünji orny berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: