JEMGYÝET

Daşoguz şäherinde intenet market işläp başlady

Ýurdumyzyň iri internet marketleriniň biri bolan «Ynamdar» indi Daşoguz şäherinde hem işe girişdi.

Häzirki wagtda Aşgabat, Änew, Mary, Türkmenbaşy hem-de Balkanabat şäherlerindäki müşderiler bilen birlikde, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi şäheriniň ýaşaýjylaryna hem ýokary hilli onlaýn söwda hyzmatlary hödürlenýär. Ýakyn geljekde hyzmat edýän çägini barha giňeldýän internet dükanynyň Türkmenabat şäherinde hem işe başlamagy meýilleşdirilýär.

Şu günler internet arkaly söwda uly isleg bildirilýär. «Ynamdara» her günde müň töweregi sargyt edilýär. Ýygy-ýygydan geçirilýän arzanlandyrylan, utuşly we sowgatly günler müşderileri has-da höweslendirýär. Eltip bermek hyzmaty ýokary derejede ýerine ýetirilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: