JEMGYÝET

Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň bilelikdäki maksatnamasy miwelerini berýär

Durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Alişer Bazarowa maýyplyk arabajygyny sowgat berdiler.

Sowgady almaga «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy hemaýatkärlik etdi. Bu aksiýa BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly Bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerine amala aşyryldy.

Ozal Lebap welaýatyň etraplaryndan gelen we Türkmenabat şäheriniň durmuş hyzmatyny edýän döwlet we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri durmuş ulgamyndaky hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça okuwlary geçipdiler. Indi olar dürli ugurlar boýunça alan bilimlerini ulanmak bilen anyk işleri durmuşa geçirip başladylar.

Bilelikdäki maksatnama BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: