Telekeçi Perhat Babaýewiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasynda «Täsin älem» haryt nyşanly mebel düşekçeleriniň (matraslarynyň) hyrydarlarynyň sany barha artýar. Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle ýazýar:
Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde her günde mebel düşekçeleriniň 40 — 50 sanysy taýýarlanylýar. Kärhanada häzirki wagtda 35 işgär zähmet çekýär. Rahatlygy, bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan mebel düşekçeleriniň hiline berk gözegçilik edilýär. Mebel düşekçeleriniň galyňlygy 18 — 32 santimetre, uzynlygy 2 metre deňdir. Olaryň ini 90 santimetrden 2,20 metre çenli ölçegli bolýar. Müşderileriň sargydyna görä dürli ölçeglerde, buýurmalar esasynda hem mebel düşekçeleri öndürilýär.