YLYM WE TEHNIKA

Ýylyň traktory belli boldy

«New Holland Agriculture T6» kysymly, metan bilen işledilýän traktor «Ýylyň traktory» diýen ada mynasyp boldy. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti şeýle habar berýär:

Bu bäsleşik oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda traktorlaryň dürli görnüşleriniň arasynda olaryň tehniki ýagdaýy, işläp bilijilik ukyby, kuwwatlylygy we şuňa meňzeş ýagdaýlary göz öňünde tutulyp geçirilýär. Bu traktor bäsleşige gatnaşmagyň şertinde görkezilen üç sany esasy görkezijä laýykdygy bilen, beýleki traktorlardan saýlandy. 2019-njy ýylda geçirilen «Agrotehnika» sergisinde metanda işledilýän şu kysymly başga bir traktor bu ada mynasyp bolupdy. Ýöne bu gezek «New Holland Agriculture T6» traktory özüniň önümçilikdäki kuwwatlylygynyň hem ýokary görkezijä mynasypdygyny «subut etdi» we 2021-nji ýylda Ýewropada «Ýylyň traktory» adyna eýe boldy.

  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: