JEMGYÝET

Çärjew etrabynda mekdepler täze okuw ýylyna taýýar

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda awgust  aýynyň başyna çenli mekdepleriň ählisi täze okuw ýylyna doly taýýar edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Etrapda orta mekdepleriň 40-sy, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 9-sy hem-de bir sany çagalar we ýetginjekler öýi hereket edýär. Etrapda abatlaýyş işlerine irgözinden girişildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde degişli gurluşyk serişdeleri getirilip, bejeriş we abatlaýyş işlerine girişildi. Bu işleriň ählisiniň talaba laýyk geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: