Daşary ýurt dilleri özleşdirmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dili giňden ýaýran german diller toparyna degişli bolup, bu hem öz gezeginde has uly hindi-ýewropa diller toparyna girýär.
Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köpsanlysy iňlis dilinde çykarylýar. Häzirki zaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmene häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramaklyk üçin iňlis diliniň orny ulydyr. Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamlarynda amala aşyrýan özgertmeleri yzygider durmuşa ornaşdyrylýar we özüniň oňyn netijelerini berýär. Şeýle özgertmeleriň biri-de ýaşlarymyzyň ene dilimizden başga-da halkara iňlis, rus, nemes, hytaý, ýapon dilleriniň orta mekdeplerde okadylyp başlanmagydyr. Şol bir wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar.
Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirlendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.
Biz — bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ähli ulgamlary ösüşlere besleýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Sähragül Ereşowa,
Dänew etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.