JEMGYÝET

«Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» kitaby esasynda yglan eden «Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Netijede Köýtendag, Dänew we Kerki etraplaryndan gelen maşgalalar öňe saýlandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: