BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk bilen bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen milli senenamamyzda orun alan şanly seneler zähmet sowgatlary bilen garşylanyp, göwün galkyndyryjy dabaralara  beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy hem merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk ugrundaky beýik ýeňişlerini, halkymyzyň  bitewüligini, ruhubelent raýatlarymyzyň ata Watanymyza bolan belent söýgisini, ösüp gelýän ýaşlarymyzyň uzak taryhly geçmişimize, bagtyýar şu günümize hem-de beýik geljegimize ygrarlylygyny şöhratlandyrýar. Ähli  ulgamlarda gazanylan üstünlikler we ýeňişler, netijeli özgertmeler we ýetilen sepgitler, taryhy ähmiýetli wakalar we şanly seneler güneşli Diýarymyzyň ýylýazgysyna täze mazmun çaýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda  ýeten arzyly sepgitleri, halkara gatnaşyklarynda gazanan at-abraýy milli Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleridir.

Döwletimiziň toplumlaýyn ösüşine, jemgyýetimiziň işjeňleşmegine, ähliumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen iri möçberli  wezipeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň we onuň esasy düzüm bölegi bolan ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň  öwüt-ündewlerinden ruhlanýan, Garaşsyzlyk bagtyndan galkynýan tutanýerli ýaşlar  bu gün döwlet ähmiýetli , halk bähbitli jogapkärçilikli wezipeleriň hötdesinden gelmek bilen, özlerine bildirilen ynamy ödeýärler. Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebislenip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramagy, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek üçin asylly işleri durmuşa geçirmegi, dünýä halklarynyň dost–doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmagy mukaddes borç  edinýärler.

Türkmenistanyň ýokary depginli ösüşini gazanmaga, ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de daşary syýasatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagynda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, döwletimiziň sport we ýaşlar babatdaky syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watançy, sagdyn pikirli, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Biz ýaşlara  şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, bolelin durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge, gurmaga, döretmäge, sagdyn bedenli bolup ýetişmegimize ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Milli Liderimiziň hemde Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Arzuw Açylowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: