BIZE YAZYARLAR

Göwnümizi galkyndyrýan kitap

Ömrümizi bahar-ýaza, döwrümizi aýdym-saza besleýän hormatly Prezidentimiz öz döwet galamyndan çykýan kämil eserleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirip gelýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi biziň ählimizi buýsandyrdy.

Milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy sütünleri bolan agzybirlik, abadançylyk we parahatçylyk ýaly mukaddes düşünjeler şöhratly pederlerimiziň ynsanperwer garaýyşlaryndan we milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Muňa täze kitaby okap has hem aýdyň göz ýetirýäris.

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik çykyşlarynyň toplumy bolan bu ajaýyp esere ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny açyp görkezýän, onuň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini beýan edýän syýasy-publisistik eser hökmünde baha bermek bolýar.

«Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitapda hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Kitapda häzirki wagtda milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmündäki döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň peýdaly we gyzykly gollanma boljakdygyny nygtap: «Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli ugurlary: daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça meniň pikirlerim jemlenendir. Aýratyn hem döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler hem bar» diýip belleýär.

Milli Liderimiziň abadançylyk syýasatynyň döwletara gatnaşyklarda medeniýet, ykdysadyýet, saglygy goraýyş we ulag-logistika babatdaky hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolup, dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi bagtyýar raýatlarymyzy has hem buýsandyrýar. Bu kitap hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän orny, onuň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň derwaýyslygy jähtlerine baha bermäge, seljermäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagtda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, bilim, medeniýet ojaklarynda täze kitap bilen tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Bilim işgärleri çuň many-mazmuna ýugrulan eseri uly buýsanç, höwes bilen okaýandyklaryny aýdýarlar.

Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny okyjylaryň arasynda giňden wagyz edýäris.

Bagtyýarlyga beslenýän günleriň goýnunda erkana ýaşaýan halkymyza şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Dinara Rozybaýewa,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: