Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2022-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri mälim boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen olar baýraklar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda lebaply ýaşlar hem bar:
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Hudaýberdi Saparmuradow (1-nji orun — planşet kompýuteri);
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Leýla Bäşimowna Aşyrowa (2-nji orun — planşet kompýuteri);
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Döwran Ahmedowiç Ahmedow (3-nji orun — telewizor).