BIZE YAZYARLAR

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar

Batly gadam bilen barýarys öňe,

Kalplar hyjuwlanýar ses goşup heňe,

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlaň,

“Watan!” diýip urýar ýüregi diňe.

 

Bitaraplyk Watanmyza ykrardyr,

Pederleň kelamy bize ygrardyr,

“Watan diňe halky bilen Watandyr”,

Ajap şygar ömrümize ykbaldyr.

 

Jeýhun bilen arasynda Hazaryň,

Tutuş älem çoýýar bize nazaryn,

Arkadag Serdarly eziz diýarda,

Owazy batlanýar Dostluk gazalyň.

 

Ak mermerden köşgi eýwan salynýar,

Dost-doganlyk binýat arşa galynýar,

Milli Lidermiziň dowamat ýoly,

Kalplarda bakylyk sazy çalynýar.

 

Halkyň hoşallygy dillerde dessan,

Deň-taýy ýok, her bir gurulýan desgaň,

Döwürlerden zyýat ajap döwürde,

Halk bir zemin bolsa, şöhraty asman.

 

Jennet mekan üçin halkda guwanç bar,

Ajap eýýam üçin kalpda buýsanç bar,

Parahatlyk rowaçlanýan ýurdunda,

Galkanara, ýalkanara söýenç bar.

 

Güneşli-gülzarly bu eziz diýar,

Röwşen gelejege hyjuwly barýar,

Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlaň,

Kalby ajap döwre ses goşup urýar.

Dünýägözel ROZYÝEWA,

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: