JEMGYÝET

Dänew etrabynda zähmeti goramaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Dänew etrabynyň medeniýet öýünde «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertlerini girewi» atly okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guran bu çäresine etrabyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, hünärmenler bölümleriniň işgärleri, edaralaryň we kärhanalaryň tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hünärmenleri iş ýerlerine howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, işgärleriň arasynda tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini düşündirmek we olary berjaý etmek barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ugurda ilkinji guramalaryň we degişli düzümleriň öňlerinde duran wezipeler düşündirildi. Şonuň ýaly-da, edaralarda we kärhanalarda zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, ýüze çykýan meseleleri hereket edýän kanunçylygyň esasynda çözmek barada  hem durlup geçildi. Okuw maslahatynyň soňunda oňa gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: