DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Astronomlar güýçli radiotolkunly galaktiki lazeri ýüze çykardylar

 Astronomlaryň halkara topary Günorta Afrikada oturdylan «MeerKAT» teleskopynyň kömegi bilen güýçli radiotolkunly galaktiki lazeri ýüze çykarylar. Bu ýere ýetýän signallaryň iň uzagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iň güýçlüsidir. Bu barada «Российская газета» habar berýär.

Alymlar lazer şöhlelerine megamazer diýen klassifikasiýa berdiler. Ýüze çykarylan bu megamazaer şu wagta çenli tapylanlaryň iň uzakdakysy bolup çykdy. Onuň çeşmesiniň Ýerden takmynan bäş milliard ýagtylyk ýyly aralygyndadygyny hasaplap çykardylar. Ony kilometre geçirjek bolsaň, 58-iň yzynda 21 sany nol ýazaýmaly.

Alymlaryň toparynyň ýolbaşçysy Marçin Glowaski adatça megamazerleriň iki galaktikanyň güýçli çaknyşmagynyň netijesinde döreýändigini düşündirdi. Çaknyşyk wagty olardaky gazlar çenden aşa gysylýarlar we giňişlige ýagtylygyň konsentrirlenen  şöhlelerini goýberýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: