DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marsdaky dikuçar rekord aralygy geçdi

Marsdaky «Ingenuity» dikuçar özüniň 25-nji uçuşynda aralygy geçmekde we tizlikde özüniň rekodryny tazeleri. Bu barada habar «ТАСС» berýär.

«8-nji aprelde «Ingenuity» «Seitah» diýlip atlandyrylýan bölegiň üstünden demirgazyk-günbatar ugra uçup geçmek bilen, 704 metr geçdi we 9-njy uçuşynyň dowamynda goýan rekordyndan 8 metr köp aralygy geçdi. Onuň tizligi 5,5 m/s barabar bolup, bu hem täze rekorddyr. Ol howada 161,3 sekund boldy», diýip, NASA-nyň reaktiw hereket barlamhanasynyň wekili aýtdy.

9-njy uçuş geçen ýylyň 5-nji iýunynda bolupdy. Şonda dikuçar 166,4 sekundda 624 metr aralygy 5m/s tizlikde geçipdi.

«Ingenuity» Ýezero kraterine 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda «Perseverance» Marsda ýöreýän bilen bilelikde eltilipdi. Olaryň esasy maksady saýýaranyň uzak geçmişinde ýaşaýşyň bolandygynyň alamatlaryny tapjak bolup synanyşmakdan ybarat.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: