JEMGYÝET

«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri Türkiýede geçirilýän halkara festiwala gatnaşýarlar

Şu günler Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde türk dünýäsiniň «Gorkut ata» film festiwaly geçirilýär. Oňa 20-ä golaý döwletiň kinematograflary bilelikde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri hem gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýeti birleşigiň surata düşüren «Istärin», «Dutaryň owazy», «Gyzyl kürte» filmleri bilen gatnaşýarlar.

Türkiýede ikinji gezek geçirilýän festiwalyň dowamynda filmleriň 52-si görkeziler we žanrlaryna görä, olaryň 24-si bäsleşige hödürlener. Şeýle-de, konsert dabaralary, folklor toparlarynyň çykyşlary hem-de birnäçe medeni çäreler guralar. Festiwal 5-nji noýabra çenli dowam eder

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: