BILIM

Çärjewdäki çagalar bagynda etrap derejeli açyk sapak geçirildi

Çärjew etrabyndaky 9-njy çagalar bagynda etrabyň ähli çagalar baglarynyň aýdym-saz mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda göreldeli açyk sapagy geçirildi.

Ony bagyň aýdym-saz mugallymy Atajan Gurbanow gurady.

Bu göreldeli açyk sapagy körpeleriň birnäçesiniň sungatyň dürli görnüşlerine bolan ukybyny ýüze çykardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen obalaryny ösdürmek baradaky tagallalarynyň netijesinde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap bagymyzda geçirilen açyk sapak aýdym-saz mugallymlary üçin tejribe alyşmagyň mekdebine öwrüldi.

Açyk sapaga ýurtda belli aýdymçylaryň we döredijilik işgärleriniň hem gatnaşmaklary onuň täsirliligini has-da artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: