BILIM

Russiýada türkmenistanly talyplaryň 36 müňe golaýy bilim alýar

Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýy Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Bu barada 7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy.

Taraplar ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini nygtadylar. Häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýynyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýarlar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa dünýäde koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň dowam edýändigini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, türkmen Lideri Russiýanyň Baştutanyna ýurtda öndürilen waksinalaryň, PZR test ulgamlarynyň hem-de derman serişdeleriniň Türkmenistana iberilmegine goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: