YKDYSADYÝET

Her aýda 2 million inedördül dessimetr ýokary hilli gön önümleri öndürilýär

Bu görkeziji Mary welaýatyndaky «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişlidir. Bu ýerde ownuk hem-de iri şahly mallaryň derilerini işläp, olardan ýokary hilli gön önümlerini öndürýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerine Italiýanyň gön önümçiligi üçin niýetlenen iň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Kärhananyň işewür hünärmenleri öz önümleri bilen diňe bir içki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary daşarky bazarlara-da çykarýarlar. Kärhana şu ýylyň başyndan bäri gön önümleriniň 10 million inedördül dessimetrini Türkiýä eksport etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: