YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama 2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda amala aşyrylar.

Energetika ministrligi tarapyndan bu desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de «Serdar» elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Bu barada 14-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: