«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaryş geçirildi

«Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Raýat goranyşynyň ähmiýeti we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň howpsuzlyk düzgünleri» boýunça wagyz-nesihat çäresiniň çäklerinde bäsleşik geçirildi.

Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde guran çäresine merkezde dynç alýan çagalar gatnaşdylar. Olara saglyk we sagdyn durmuş ýörelgeleri, howpsuz ýaşaýyş durmuşyň esaslary baradaky zerur bilimler we düşünjeler berildi. Soňra tebigy, tehnogen we durmuş häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda adamyň özüni howpsuz alyp barmagy baradaky bilimleri özleşdirmek, dogry hereket etmegi öwretmek, şahsy we köpçülikleýin goranyş serişdelerinden peýdalanyp bilmegi öwretmek maksady bilen çagalaryň arasynda ýaryş geçirildi.

Ýaryşa gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector