YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler şöhlat önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 110 tonna gowrak şöhlat önümlerini öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,3 esse köpdür.
Şeýlelikde, söwda nokatlaryna geçen ýyldakysyndan 62,5 tonna ýakyn şöhlat önümleri köp çykaryldy. Bu telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň, mallaryň baş sanynyň köpeldilmeginiň, şöhlat önümlerini öndürýän önümhanalaryň kuwwatynyň artdyrylmagynyň netijesinde mümkin boldy.
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde döwlete dahylly däl sektoryň orny barha berkeýär. Telekeçiler diňe bir çig mallary taýýarlamak bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegi hem ýola goýdular. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýänleriniň ornuny tutýan önümleriň barha köp öndürilmegine mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: