TÜRKMENISTAN HABARLARY

Çagalar sungat mekdepleri bäsleşýär

Lebap welaýatyndaky çagalar sungat mekdeplerinde welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň 8-sine taýýarlyk görülýär.
Äglabasy mart aýynda jemleniljek bäsleşiklerde aýdym-saz, sungat eserlerini wideoýazgy görnüşinde eminler toparyna ýollamak talap edilýär. Welaýatyň halypa sungat wekilleri bu ýazgylaryň her birini aýratyn seljerip, şanly ýyldaky ýeňijileri kesgitlärler.
Bäsleşikler akkordeonçylaryň, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, skripkaçylar, tans, hor, bagşylar we dutarçylar toparlarynyň arasynda geçiriler.
Käbir görnüşler boýunça türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen birlikde dünýä aýdym-saz hazynasynyň eserlerinden parçalary ýerine ýetirmek hem talap edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply