TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapdaky we Balkandaky «Ak öýler» üçin äpet halylar dokalýar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynda her biriniň göwrümi 276 inedördül metr bolan äpet halylaryň ikisi dokalýar, diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna salgylanmak bilen, «Turkmenportal» habar berýär..
Olar Türkmenabat we Balkanabat şäherlerinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary üçindir. Halylara binalaryň ýerleşýän sebitiniň ýerli halyçylyk aýratynlygyna mahsus göller salynýar. Äpet halylary öz wagtynda tabşyrmak üçin häzirki wagtda ýüzlerçe halyçy üç çalşykda işleýär.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidenti Lebap we Balkan welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalaryny gurmak baradaky Karara 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çekipdi. Bu binalary şu ýylyň iýunynda açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply