SPORT WE SYÝAHAT

Ispaniýanyň kluby «Zenidiň» oýunçysy Azmuny satyn almagy niýet edinýär

TASS-yň habar bermegine görä, Russiýanyň «Zenit» klubynyň oýunçysy Serdar Azmun bilen Ispaniýanyň «Sewilýa» kluby gyzyklanyp başlapdyr.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, «Sewilýa» merkezi hüjümçini gözleýär. Häzirlikçe eýranly hüjümçi topary berkitmek üçin esasy kandidat bolup dur. Eýýäm «Sewilýanyň» sport direktory Ramon Werdeho oýnuny Ispaniýada dowam etdirmäge razylyk beren oýunçynyň agenti bilen duşuşdy.
«Transfermarkt» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, 26 ýaşly Azmun 23 million ýewro durýar. «Zenidiň» oýunçysynyň häzirki şertnamasynyň 2022-nji ýylyň tomsuna çenli güýji bar.
Azmun «Zenitde» 2019-njy ýyldan bäri oýnaýar. Ol şu möwsümde 20 oýna gatnaşyp, garşydaşlarynyň derwezeine 11 pökgi geçirdi we topardaşlaryna bäş gezek soňy bilen derwezeden geçirilen pökgi berdi. 19 oýundan soň «Zenit» 41 utuk bilen Tinkoffda — Russiýanyň premýer-ligasynda öňde barýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply