Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça ýeňijileri kesgitlendi

Feb 23, 2021

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ähli etrapdyr şäherlerden gelen gelin-gyzlaryň 20-si gatnaşdy. Olar bäsleşigiň şertine görä ýedi ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde
Dänew etrabyndaky 23-nji «Dostluk» bakja-bagynda 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri usulçy-terbiýeçisi bolup işleýän Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany»;
Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Şirin Gylyjowa «Ýylyň çeper elli zenany»;
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Merjen Kurbanowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;
Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Aýjan Karýagdyýewa «Ýylyň mährem zenany»;
Kerki etrabynyň N-nji harby bölüminiň uly leýtenanty, gorag rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Sülgün Mamedowa «Ýylyň watançy zenany»;
Saýat etrabyndaky 34-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýna Ýazmamedowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik guramasy kärhanasynyň Halaç şäheri boýunça müdiri Mahym Hudaýkulyýewa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan gelin-gyzlaryň ählisine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň adyndan Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Leave a Reply