DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Daşary ýurtlylara Türkiýä girmek üçin düzgün üýtgediler

15-nji martdan daşary ýurtlylara Türkiýä girmek üçin ýörite elektron anketany doldurmaly bolarlar. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Respublikanyň Saglygy goraýyş ministrligi Türkiýäniň ähli howa gatnawlarynda koronawirusa gözegçilik etmek üçin kagyz anketany doldurmagy talap etmegi bes ederler. Diňe ýurduň üstünden geçip barýan ýolagçylar üçin kadadan çykma bolar — olar uçaryň içinde resminama doldurarlar, diýip, awiakompaniýanyň wekilleri belleýärler.
Täze düzgünlere laýyklykda, ýurda gelýän ýolagçylar (şol sanda Türkiýäniň raýatlary hem) ýola düşmezlerinden 72 sagat öň ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginde anketa doldurmaly. Özem, resminamany hem kagyza çykarmaly, hemem islendik elektron enjama ýüklemeli. Soňra uçjak wagty anketany awiakompaniýanyň işgärine görkezmeli.
Şonuň ýaly-da, bellige alnandan soň ýolagçy türk edarasynyň saýtynda işleýän el telefonynyň belgisini görkezmeli. Şondan soň programma syýahatça ýurtda hereket etmek, myhmanhana ýerleşmek we dürli ýerlere çärelere gatnaşmak üçin unikal (üýtgeşik) HES-kod berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply