JEMGYÝET

BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy wideo bäsleşigini yglan etdi

Her ýyl 10-njy dekabrda bellenilýän Adam hukuklary güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy ýaşlaryň arasynda wideo bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady adam hukuklary baradaky düşünjäni artdyrmak bolan bu döredijilik ýaryşyň mowzugy – «Men adam hukuklaryna nähili düşünýärin?»

Oňa gatnaşmaga ýurdumyzyň döredijilikli hem öndürijilikli pikir ýöredýän we daş-töweregindäki dünýäni üýtgetmek isleýän 15-35 ýaş aralygyndaky raýatlary çagyrylýar. Her bir wideo işi, adamyň esasy hukuklary we azatlyklary taryhda ilkinji gezek ylalaşylan we yglan edilen 1948-nji ýyldaky Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň bir hukugyny açyp görkezmelidir.

Bäsleşige gatnaşýanlar bir minutlyk wideoşekili türkmen, iňlis ýa-da rus dillerinde «Meniň üçin adam hukuklary…» diýen jümläni tamamlamaly.

Işler 3-nji dekabra çenli undptm@gmail.com elektron poçta arkaly kabul edilýär. Ýeňijiler 9-njy dekabrda yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: