JEMGYÝET

Hojambazda we Köýtendagda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

23-nji awgustda Lebap welaýatynyň iki etrabynda ― Hojambaz we Köýtendag etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Welaýat neşiri bu çäräni etrap Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň geçirjekdigini habar berdi.

Hojambazdaky çäre ir sagat 9-da, Köýtendagdaky bolsa 10-da başlanar. Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň ikisi hem şol gün sagat 12-de tamamlanar.

Hojambaz etrabyndaky çäre etrap Medeniýet bölüminiň Ýolbaşçy medeniýet öýünde, Köýtendagda bolsa Köýtendag şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 44-nji jaýynda geçiriler.

Gyzyklanýan raýatlar Hojambaz etraby boýunça 800442 2-07-87, Köýtendag etraby boýunça 800440 2-09-33 belgili telefonlara jaň edip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: