SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi

29-njy noýabrda Aşgabatda hem-de Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklaryň üçüsi bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryna badalga berildi, diýip Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.

Aşgabt şäherinde geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardy – 5:0. Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi. Bu duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Paýtagtda geçirilen ýene-de bir duşuşykda «Köpetdag» bilen «Merw» toparlary duşuşyp, deňme-deň (1:1) oýnadylar.

9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy şu gün geçiriler. Onda ýaryş teribiniň öňbaşçylary «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary duşuşarlar. Bu duşuşyk «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda 17:30-da başlanar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: