MEDENIÝET

Türkmen milli konserwatoriýasynda Mosartyň ajaýyp eserleri ýaňlandy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Mosartyň doglan gününiň 265 ýyllygyna bagyşlanan konsertde beýik kompozitoryň ajaýyp eserleriniň onusy ýaňlandy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Konsertde kompozitoryň Orkestr bilen skripka üçin konserti, «Don Žuan» operasyndan Don Žuanyň ariýasy, «Fantaziýasy» (do-minor) we Rondo (re-mažer), «Trio» eseriniň 2-nji we 3-nji bölümleri,  «Sol-minor» kwarteti ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: