DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Black Shark 4S Pro» iň kuwwatly samartfonlaryň sanawynda birinji orna çykdy

2021-nji ýylyň oktýabrynda iň öndürijilikli smartfonlaryň onlugynda «Xiaomi» birinji orna çykdy. Meşhur «AnTuTu» bençmarky olaryň nobatdaky reýtingini çap etdi, diýip Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

Iň kuwwatly Android smartfonlarynyň sanawynda «Xiaomi»-niň «Black Shark 4S Pro» modeli birinjiligi eýeledi. «Snapdragon 888+» prosessorly 16 Gb operatiw we 512 Gb hemişelik ýatly enjam 875 902 baha aldy.

Öňdäki üçlüge «Snapdragon 888+» çipsetindäki «Red Magic 6S Pro» we «iQOO 8 Pro» hem düşdüler. Reýtingiň ikinji ýarymynda «Snapdragon 888»-iň esasynda öndürilen we 2021-nji ýylyň birinji alty aýlygynda öňdäki hatarlary eýelän «iQOO 8», «Meizu 18 Pro», «OnePlus 9 Pro» we «OPPO Find X3 Pro» durýarlar. Soňky enjam 809 521 bilen onunjy orny eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: