SPORT WE SYÝAHAT

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary bir ýyl yza süýşürilýär

Taýlandda geçirjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli 2023-nji ýylyň noýabr aýyna çenli süýşürildi. Bu barada «Insidethegames.biz» internet saýtynda habar berilýär, diýip « turkmenportal.com » ýazýar.

Nobatdaky VI Aziýa oýunlary 2023-nji ýylyň 17-nji noýabryndan 26-njy noýabry aralygynda geçiriler.

Bu bilelikdäki karar Taýlandyň NOK, Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti we Taýland hökümeti bilen giňişleýin geňeşmelerden soň kabul edildi.

Ilki bilen oýunlar 2021-nji ýylyň 21-30-njy maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi, ýöne 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurduň häkimiýetleri bäsleşigiň 2022-nji ýylyň 10-20-nji martyna çenli yza süýşürilendigini habar berdiler.

Häzirki wagtda oýunlara taýýarlyk işleri dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: