YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda sarymsaga ideg edilýär

Şu oba hojalyk ýylynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda sarymsagyň 400 gektary ekildi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Sentýabr aýynyň 29-da ekişi tamamlanan we häzirki wagtda gögeriş gazanylyp, kadaly boý alýan bu örän ähmiýetli ekine ideg işleri dowam etdirilýär. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler geljek ýylda sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: