YKDYSADYÝET

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda önüm öndürilişiniň depgini 158,9 göterim ösdi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň depgini 158,9 göterim ösdi. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hasabat döwründe kärhanada dürli kysymly benziniň jemi 135,2 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 77,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 22,8 müň tonnadan gowragy, ýol bitumynyň 19,5 müň tonna golaýy öndürildi. Kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: