JEMGYÝET

«Awazada»  «Ýüpek Ýoly — 2022» ralli-reýdinde ýeňiji bolanlara sylaglar gowşurylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  «Ýüpek Ýoly — 2022» ralli-reýdinde ýeňiji bolanlaryň sylaglanyş dabarasy bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Ýüpek Ýoly — 2022» ralli-reýdi «Astrahan — Moskwa» ugry boýunça geçirildi. Onda seriýalaýyn çykarylýan ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply maşynlaryň derejesinde (T2) baýrakly orunlaryň üçüsini türkmenistanly sürüjiler: Merdan Toýlyýewiň, Şamyrat Gurbanowyň we Maksatmyarat Daňatarowyň ekipažlary eýeläpdiler.

Şonuň ýaly-da, Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere hem gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Olar Özbegistanyň paýtagtyndan 20 sany medal bilen dolanyp geldiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: