YKDYSADYÝET

Bir ýylda 70 tonna et, 700 tonnadan gowrak süýt

«Ak hünji» hojalyk jemgyýeti penopolistiroldan teploizolýasiýa we ses saklaýjy plitalary (dört görnüş dykyzlykly), içki bezeg profilleri, ýörite ergin bilen örtülen ses we ýylylyk saklaýjy bezeg profilleri, penopolistiroldan ýasalan potolok üçin bezeg önümleri we plitkalary, gap-gaçlary ýuwmak üçin sürteç, stepler üçin skobalar, resminama bukjasy (faýl) ýaly senagat önümlerini öndürmek bilen birlikde oba hojalygynda hem netijeli işleri alyp barýar. Ýagny, kompaniýanyň Baýramaly etrabynyň çäginde, jemi 100 gektar meýdanda ýerleşýän maldarçylyk toplumy hem hereket edýär. Ol iri şahly mallaryň 800-sini saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumydyr. Häzirki wagtda bu ýerde gara mallaryň 400-den gowragy idedilýär. Maldarçylyk toplumynda bir ýylyň dowamynda 70 tonna et, 700 tonnadan gowrak süýt öndürilip, söwda nokatlaryna ugradylýar. Hojalyk jemgyýetine degişli bolan ýeriň 95 gektarynda tritikale, arpa, mekgejöwen, ýorunja ýaly ot-iýmlik ekinler ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýylyň tomus paslynda 60 gektar ýerde mekgejöwen, dänelik ekinler ekildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: