YKDYSADYÝET

«Sada suw» hojalyk jemgyýeti önümlerini Russiýa eksport edip başlady

Önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Sada suw» hojalyk jemgyýeti golaýda öz önümlerini Russiýa eksport edip başlady. Bu kärhana alkogolsyz gazlandyrylmadyk içgileri öndürmekde tiz wagtda adygan kärhanalaryň biridir. Ýagny kärhana miwe şire suwlarynyň önümçiligini şu ýyl ýola goýdy.

Önümçilik desgasynda häzirki wagtda miwe şire suwlarynyň 9 görnüşi öndürilip, olar «Elle», «Ilkent», «M5», «Oba» haryt nyşany bilen 0,25 we 0,5 litrlik aýna gaplara gaplanylýar. Miwe suwlary erik, şetdaly, ülje, tokaý miweleri, alma, käşir, mango, pyrtykal, gawun-garpyz, banan, ak üzüm, zirk, böwürslen, nar, pomidor we tropiki miweleriň tagamyndadyr.

Häzirki wagtda miwe şire suwlaryny goňşy döwletlere eksport etmek boýunça geleşikler baglaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: