Halaçdaky oba saglyk öýünde Gün paneli gurnaldy
Halaç etrabynda ýerleşýän Pelwert oba hassahanasynda täze synag gün energiýa ulgamy gurnaldy. Bu barada «Biznes-Türkmenistan» habar berdi.
Bu ÝUNISEF-iň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiren innowasiýa taslamasynyň bir bölegi bolup, ol ýurtda gün energiýasy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji saglygy goraýyş edarasydyr.
Täze ulgam hassahanadaky ähli lukmançylyk we lukmançylyk däl enjamlaryň işlemegi üçin arassa elektrik energiýasy bilen yzygiderli üpjün eder. Bu bolsa hassahana tebigy hadysalar wagtynda päsgelçiliksiz lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik döreder.