TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli Permanlara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň birnäçesine sylaglaryny gowşurdy.

Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň saýtynda habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: