DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bir adam ABŞ-niň 26 müň dollaryny zibile taşlady

Müsüriň bir ýaşaýjysy ýalňyşyp, zir-zibil salynýan gaba sekiz müň kuweýt dinaryny oklady. Bu 2 million rus rubluna ýa-da takmynan 26 müň amerikan dollaryna barabardyr. Bu barada «Rambler» habar berýär.
Ol bankdan uly mukdardaky pul alypdyr we ony beýlekileriň gözüne ilmezligi üçin polietilen haltajyga salypdyr. Soňurak taşlamak üçin zir-zibil salnan haltajyk bilen pully haltajygy hem alypdyr.
Öýüne dolanyp gelenden soň bir zadyň ýetmeýändigini duýupdyr. Ol zir-zibil taşlanýan gabyň ýanyna ylgap baranda, zir-zibil daşaýan maşyn eýýäm haltalary alyp giden eken.
Ol adam bolan waka barada polisiýa habar beripdir we pul alandygy baradaky çeklerini görkezipdir. Häzir sülçüler onuň aýdanlarynyň hakykata nä derejede laýyk gelýändigini barlaýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply