QR kod koronowirusyň öňüni alýar
Hytaýyň iň köp ilatly şäherleriniň biri bolan Hançžou şäherinde koronowirusyň öňüni almaga ýardam berýän sanly gurluş işlenip taýýarlanyldy.
ISO / TC 3211 tehnologiýa komitetiniň ýolbaşçysy professor Sun Minşunanyň ýolbaşçylygyndaky Szilin uniwersitetiniň alymlary samrtfonlar üçin QR kod işläp taýýarladylar. Bu kod koronowirusyň sanly gurluşlaryň QR kodlary arkaly ýokuşmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
Hançžou şäheri Hytaýyň sanly ykdysadyýete iň üns berýän merkezleriniň biri. Şonuň üçin hem şäheriň ýolbaşçylary «Alibaba group» kompaniýasynyň kömegi bilen sanly gurluşlardan pandemiýanyň ýokuşmagynyň öňüni almak boýunça birnäçe işleri alyp barýar. Munuň üçin şäherde ýörite «Akylly ylmy merkez» hem guruldy.
Täze oýlap tapyş eýýäm «Saglygy goraýyş kody» diýlip atlandyrylýar. Oňa DB 3301 / T 0305-2020 standart belgisi berildi.